MSC kompaniýasy Sankt-Peterburga göni hyzmatyny dikeltdi
02 Iýun 2025
MSC kompaniýasy Sankt-Peterburga göni hyzmatyny dikeltdi

MSC kompaniýasy Latyn Amerikasyndan Sankt-Peterburga çenli göni hyzmatynyň möhletini uzaltdy, indi Ekwadordan we Kosta-Rikadan gelýän konteýnerler Antwerpende gaýtadan ýüklemek zerurlygy bolmazdan Russiýa getirilip bilner.

Alphaliner kompaniýasy bu üýtgeşmeleri dünýäniň iň uly ýük gatnadyjy operatory we Russiýanyň bazarynda işlemegi dowam etdirýän dünýä oýunçylarynyň ýeke-täk bir özi bolan MSC kompaniýasynyň hyzmat düzümindäki üýtgeşmeleri Ýewropa portlarynda gämileriň uzak garaşmagy bilen düşündirýär. Drewry kompaniýasynyň getirýän baha bermelerine görä, 18-nji maýda gutaran hepdede MSC kompaniýasynyň esasy Ýewropadaky merkezi bolan Antwerpende gämiler ortaça 40 sagatdan gowrak durup galdylar. Şondan soň 20-nji maýdaky iş taşlaýyş ýol dykyzlyk ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrdy.

Baltika deňzine çenli ugry uzaltmak üçin MSC düzümine iki goşmaça gämini goşdy. Häzir bu hyzmatda 4-5 müň TEU sygymlylykly dokuz gämi we iki sany sekiz müňlik gämi işleýär.

Günorta we Merkezi Amerikadan Demirgazyk Ýewropa miweleriň eksporty bir tarapky ýük akymydygyna görä, gämiler Latyn Amerikasyna gaýdanlarynda ABŞ-nyň gündogar kenarynyň üstünden dolanýarlar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»