Belarus Azerbaýjana awtoulag ýük daşamalarynda päsgelçilikleri aýyrmak üçin degişli çäreleri görmegi teklip etdi. Mümkin bolan çäreleriň biri hökmünde Belarusyň ýük daşaýjylary üçin ýol tölegini ýatyrmaklyk atlandyryldy. Bu barada ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Sergeý Dubina Ýewraziýanyň ulag çarçuwasynyň döredilmegi boýunça tegelek stol maslahatynda aýtdy — diýip, BelTA agentligi habar berýär.
Şeýle hem azerbaýjan tarapyna awtoulagda ýük daşamalarynyň ähli görnüşlerine rugsat ulgamyny ýatyrmak mümkinçiligini gözden geçirmegi teklip edildi. Sergeý Dubina Belarusda daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň umumy ulanylýan ýollar boýunça geçmegi üçin tölegi 2019-njy ýylda aýyrandyklaryny belläp geçdi. Belarus bilen Azerbaýjanyň arasynda şertleri deňleşdirmek ýük akymyny köpeltmäge mümkinçilik berer, netijede ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmegine getirer.
Ministriň orunbasary «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň täsirli logistikasyny gurnamagyň zerurlygyny belläp geçdi. Bir ulag görnüşinden beýlekisine köp sanly gaýtadan ýüklemekleri hasaba almak bilen harytlary eltmek daşamanyň gymmatlaşmak howpuny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin dürli amallary ýönekeýleşdirmeli, bu ýük daşamagyň tutuş ugrunda toplumlaýyn nyrhlary döretmeli.
Sergeý Dubina multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek babatynda hem durup geçdi. Belarus ulag geçelgesiniň günbatar şahasy boýunça Belarus — Russiýa — Azerbaýjan ugry boýunça Hytaýa iki konteýner otlusyny iberdi. Soňra awtoulag bilen haryt Eýran arkaly eltilip, Bender-Abbas portunda deňiz gämisine ýüklendi. Şeýle hem bu ýyl ilkinji gezek bu ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça kaliý dökünleri bilen konteýner otlusynyň geçmegi gurnaldy. Bu ugur Belarusy, Russiýany, Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirdi we soňra deňiz arkaly Hytaýa bardy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»