Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy Awtobus ugurlaryna üýtgeşmeler girizilýändigini habar berýär
20 Iýun 2025
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy Awtobus ugurlaryna üýtgeşmeler girizilýändigini habar berýär

Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagyndaky Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna degişli bolan 100-nji “Teke bazar – Arkadag şäheri” awtobus ugruna raýatlaryň tomus dynç alyş möwsüminde “Tebigatyň janly muzeýine” bökdençsiz barmaklaryny gazanmak maksady bilen 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 23-den üýtgeşme girizilýändigini Size habar berýäris.

97-nji “Büzmeýin – Täze zaman” awtobus ugruna 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 27-den üýtgeşme girizilip “Büzmeýin” bellige alyş nokadyna çenli, ugryň dowamyny bolsa 85-nji “Büzmeýin – Güneş” hem-de 86-njy “Büzmeýin – Köpugurly hassahana” ugurlarynyň hyzmatlaryndan Ahal köçä çenli peýdalanyp biljekdikdigiňizi mälim edýäris.

Şeýle-hem “Bagyr – Büzmeýin” ugrunyň açylmagy bilen 63-nji “Teke bazar – Büzmeýin” awtobus ugruny Gökje ýaşaýyş toplumyna çenli üýtgeýändigi sebäpli, ugruň ady üýtgedilip 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 07-den “Büzmeýin – Bagyr” awtobus ugry diýip atlandyrylar,

4-nji “Arzuw – Ýalkym” awtobus ugruna üýtgeşme girizip Gökje ýaşaýyş toplumynyň Güneş köçesi bilen A.Ataýew köçesinden Gökje – Bagyr aýlawyndan gündogarlygyna öz gatnaw hereketini dowam etdiriler.