«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalaryň Awazada dynç almagy üçin goşmaça uçar gatnawlaryny guraýar
24 Iýul 2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalaryň Awazada dynç almagy üçin goşmaça uçar gatnawlaryny guraýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan çagalary Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, goşmaça uçar gatnawlaryny guraýar. Bu hakda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy habar berýär.

Bellenişine görä, bu başlangyç çagalaryň rahat we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek bilen bir hatarda döwletiň ösüp gelýän nesillere aýratyn üns berýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar.