1-nji oktýabrdan Awtokombinat – Gökdepe ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýulýar
01 Oktýabr 2025
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ «AWTOKOMBINAT–GÖKDEPE» ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawyny açýar.
Awtobus her gün gatnar.
Aşgabat şäherinden awtobus 06:00-da A. Nyýazow şaýolundaky AWTOKOMBINAT duralgasyndan ýola çykar. Şol bir wagtda — 06:00-da — Gökdepeden paýtagta tarap awtobus ugrar.
Goşmaça maglumatlary almak üçin ýolagçylar aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: +993 61 49 34 95, 44 35 20.
şeýle hem okaň: