Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda aýdylmagyna görä, toplumyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy we beýleki çäreler hem guralar.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata gowy taýýarlyk görmegiň, olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.