Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmaga, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu maksatlara sebit we ählumumy derejede ýetmekde Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň möhüm ornunyň bardygy nygtaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara gatnaşyklaryň durnukly depginini we netijeli häsiýetini bellediler.
Şeýle-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem aýratyn üns berildi.