Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15 Dekabr 2025
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Şu gün Aşgabatda Täze ýylyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurduň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Asylly däbe görä, paýtagtyň gözel ýerleriniň biri bolan, Köpetdagyň etegindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde belent, ýaşyl öwüsýän arça oturdylyp, onuň töwereginde ertekilerdäki ýaly ajaýyp gurşaw döredildi.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Dürli yşyklar bilen bezelen arçanyň ýanynda şatlykly we täsin çykyşlara sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran köp sanly çagalar we ulular — paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary, folklor we tans toparlary, baýramçylyk lybasyndaky sirk we teatr artistleri, erteki gahrymanlary ýygnandylar.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Ýurduň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen owadan bezelen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Şol pursat ýurduň welaýatlaryndaky şäherleriň baş meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy. Bu ýerlerde-de köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirilip, aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar öz şadyýan aýdymlary bilen Täze ýyl arçalarynyň daşyndan aýlandylar.