Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda «Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Düzgünnamany tassyklamak barada 1629 belgili Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, awtomobil ulagynda ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany ýeňillikli resmileşdirmegiň talaplary we şertleri girizildi hem-de resminamalaryň toplumy kämilleşdirildi.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan fiziki we ýuridik şahslaryň resminamalary kabul edilip başlanýar. Ýurdumyzyň Welaýatlarynda aragatnaşyk ulgamy arkaly resminamalary kabul etmek mümkinçiligi döredildi.
Giňişleýin maglumatlar «awtoulag.gov.tm» internet saýtynda ýerleşdiriler.
Salgymyz: Aşgabat şäher, Arçabil şaýoly, 126-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-02-94.
Fax: 39-03-66.