«Nissan» awtoulaglarynyň satuwy soňky 30 ýyl bäri iň pes derejä düşdi
09 Ýanwar 2026
«Nissan» awtoulaglarynyň satuwy soňky 30 ýyl bäri iň pes derejä düşdi

Ýaponiýada «Nissan» ulaglarynyň satuwy, geçen 2025-nji ýylda 30 ýylyň dowamyndaky iň pes görkezijä eýe boldy diýip, «Nikkei» habar berdi.

Habarda «Nissan Motor» kompaniýasynyň täze ulaglarynyň satuwlarynyň geçen ýylda statistik maglumatlar ýöredilip başlanan 1993-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşendigi, şunda awtoulag kärhanasynyň içerki bazardaky paýynyň 10 göterimden hem pese gaçandygy bellenýär.

Geçen ýyl «Nissan» içerki bazarda 2024-nji ýyldakydan 15 göterim az, ýagny 403 müň ulag satdy. Bazaryň bilermenleri ýapon kompaniýasynyň pes görkezijilerini täze kysymlaryň ýokdugy, maliýe kynçylyklary hem-de jemagat gopgunlary bilen baglanyşdyrýarlar.