Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda 17-nji fewralda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge «1TV» birinji teleýaýlymyň, «Объектив» teleýaýlymynyň, «The Georgian Business Week» işewürlik neşiriniň, «Europe 24» media holdinginiň, «Georgia Press» guramasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň, «Resonans», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда», «Vecherni Tbilisi», «Vrastan» gazetleriniň žurnalistleri we Gruziýanyň «Geocase» seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow öz çykyşynda 2026-njy ýylyň şygarynyň ösüşiň milli ugurlarynyň, halkyň jebisliginiň beýanydygyny we ahalteke bedewleriniň Türkmenistanyň ösüşe hem-de ýokary sepgitlere bolan ymtylmasynyň nyşany hökmündäki ornuny şöhlelendirýändigini belledi.
«The Georgian Business Week» neşiriniň baş redaktory W.Miroşniçenko Türkmenistana bagyşlanan žurnalyň nobatdaky sany bilen tanyşdyrdy. Ol bu žurnalyň okyjylar köpçüligine Türkmenistan bilen, şeýle hem iki halkyň dostlugyny we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän, çalt depgin bilen ösüp barýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor B.Naçkebiýa Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän, dünýäde parahatçylygy berkitmäge, halklaryň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady.