Awazada we Arkadag şäherinde golf meýdançalaryny gurmak meýilleşdirilýär
23 Fewral 2026
Awazada we Arkadag şäherinde golf meýdançalaryny gurmak meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde bu ýurduň «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan «Nicklaus Companies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň şunuň ýaly täze merkezleriň gurulmagy bilen baglanyşykly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň teklipleriniň öwrenilmegine taýýardygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we Awazada golf meýdançalarynyň gurulmagynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirjekdigini belledi hem-de «Nicklaus Companies» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Jon Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtap, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak baradaky teklipleri hödürlemäge we desgalaryň gurluşygyna girişmek üçin zerur taýýarlyklary görmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň çäklerinde «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz bilen bolan ikinji duşuşygynda bu ýerde maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler boýunça pikir alyşdy. Pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.

Jon Riz Gahryman Arkadagymyz bilen geçen duşuşykdan soňra Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki meýdançany öz içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün ediler. Bu meýdançada golf klubunyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip bilerler we onda halkara ýaryşlary guramaga niýetlenen mümkinçilikler dörediler.

Kaşaň myhmanhanalary, şypahanalary we ajaýyp akwoparky özünde jemleýän Awazanyň çäginde golf meýdançalarynyň gurulmagy bu künjegiň Merkezi Aziýanyň çäginde ähmiýetli şypahana zolagy hökmündäki derejesini pugtalandyrar.

Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur amatlyklary özünde jemleýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaşlygyň ýurdumyzda golf sportunyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler geçirilen duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi