Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýa iki günlük resmi sapary amala aşyrýar.
23-nji fewralda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti nygtalyp, ýokary derejedäki parlament saparlarynyň ägirt uly orny, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň her ýylky duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar kanunçylyk başlangyçlaryny we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga we ugurdaş komitetleriň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem yzygiderli we netijeli gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler.
Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň we Gruziýanyň Parlamentiniň ýaş parlamentarileriniň, şeýle hem zenan parlamentarileriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem taraplar halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Mejlisi