Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan düzülen konsert boldy. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde gurady. Medeni çärä Aşgabadyň ýaşaýjylary, dürli kärlerde zähmet çekýänler, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Konsert köp adamlylygy bilen tapawutlandy. Ýerine ýetirilen saz haýsy filme degişli bolsa, sahnadaky ekranda ondan bölekleriň görkezilmegi tomaşaçylar üçin aýratyn täsirli boldy.
Konsertde halkyň söýgüsini gazanan türkmen kinofilmlerinden aýdymdyr sazlaryň 30-a golaýy ýerine ýetirildi. Esasan, meşhur türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Daňatar Hydyrowyň, Rejep Rejebowyň sazlary ýaňlandy.
«Akar suwuň aýdymy» kinofilminden «Garagum derýa», «Japbaklar» kinofilminden «Arzuwlar», «At çapyşyk», «Magtymguly» kinofilminden «Sazlar», «Mukamyň syry» kinofilminden «Läle», «Gelin» kinofilminden «Hüwdi», «Meniň dostum Meleguş» kinofilminden «Meleguş» atly aýdymdyr sazlar ýurdumyzyň zehinli aýdymçylarynyň we Türkmenistanyň Döwlet horunyň gyzlar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Şeýle-de «Kärizgenler», «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim» filmleriniň sazlaryndan tomaşaçylara ýetirilen parçalar ýaşuly nesliň wekillerini hyýalynda ýaşlyk ýyllaryna gaýybana syýahata alyp gitdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbinýaz Annadurdyýewa, şeýle-de aýdymçylar Gözel Annahanowa, Mansur Şaripow dagy konsertde işjeňlik görkezip, ajaýyp owazlary bilen myhmanlaryň şatlygyny artdyrdylar.
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň düzüminde 75 sazanda çykyş etdi. Türkmenistanyň Döwlet hory, Aşgabat şäheriniň 1-nji we 4-nji çagalar sungat mekdepleriniň birleşen hor toparlary hem işjeňlik görkezdiler.
Konsert Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen, ýakynda TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisine mynasyp bolan «Kompozitor» atly ajaýyp kinofilmiň sazlaryndan parçalaryň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti