«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar
04 Mart 2026
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin hoş habar yglan edildi. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berýär.
Bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar. Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň "Wokzal" awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna, «Ak Işan» aramgähinden paýtagtymyza tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.
Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar şu telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20.
Hormatly ildeşler, goý, eden zyýaratlaryňyz we doga-dilegleriňiz kabul bolsun!
şeýle hem okaň: