Aşgabatda 17-nji martda sergi we maýa goýumlary çekmäge bagyşlanan forum açylar
06 Mart 2026
Türkmenistanyň Söwda‑senagat edarasynda 17–19-njy mart aralygynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi, şeýle hem «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar.
Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Sergä gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi 2026-njy ýylyň 5-nji martyna çenli dowam etdi.
Çeşme: "Rysgal" gazeti
şeýle hem okaň: