Aşgabatda Yrak Respublikasynyň ilçihanasy öz işine başlady
10 Mart 2026
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew 9-njy martda Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşdy.
Türkmen tarapy diplomaty mähirli garşy alyp, Yrak tarapynyň Aşgabatda öz ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasynyň doly derejede işlemegi üçin ähli zerur goldawy berjekdigi nygtaldy. Şeýle-de Aşgabatda Yrak Respublikasynyň ilçihanasynyň açylmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2009-njy ýylda ýola goýuldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
şeýle hem okaň: