Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
16 Mart 2026
Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli we şowhunly dabaralar geçiriler. Bu baýram tebigatyň oýanmagyny, bolçulygy we ýaz paslynyň gelmegini alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen belleniler. "Awtomobil ulag hyzmaty" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji martynda bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk günlerinde ýolagçylaryň islegleriniň artmagyny nazara alyp, bökdençsiz awtoulag hyzmatyny amala aşyrmak maksady bilen, Aşgabat — Türkmenbaşy, Aşgabat — Mary, Aşgabat — Baýramaly we Aşgabat — Ýolöten şäherara ugurlary boýunça goşmaça awtobus gatnawlaryny ýola goýýar. Bu hyzmatdan peýdalanjak raýatlar ýol peteklerini Awtokombinat belleniş nokadyndaky, Aşgabat halkara awtomenzilindäki we paýtagtymyzyň wokzalyndaky kassalardan, şeýle hem şäherara bilet programmasynyň üsti bilen onlaýn görnüşinde satyn alyp bilerler. Habarlaşmak üçin: +993 (61) 49-34-95; 44-35-30, 44-35-20.