Türkmenistanda «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çap edildi
03 Aprel 2026
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalda Watanymyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary beýan edilýär.
Neşiriň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikler gazanyldy, bellenilen meýilnamalar ýerine ýetirildi. Döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini üpjün edildi.
Žurnalda 23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi baradaky makala hödürlenilýär.
Žurnalda çap edilen makalalaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýewiň “Milli hukuk ulgamynyň halkara hukuk bilen sazlaşygy” atly makalasy hem bar. Awtor halkara söwda-ykdysady, ulag-logistika gatnaşyklarynyň ösmeginiň, tebigatdan peýdalanmagyň ähli ugurlarynda döwletleriň özara baglanyşygynyň halkara we ýurduň içerki hukugynyň özara täsirini çuňlaşdyrýandygyny belleýär.
“Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşige hödürlenen ylmy-amaly we maglumat beriş makalalary hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen her ýyl durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini giň jemgyýetçilige düşündirmek, raýat hukuklarynyň hereket edýän kanunlarda dabaralanýandygyny şöhlelendirmek üçin bu bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşige hödürlenilýän “Jenaýat iş ýörediş hukugynyň ösüş ugurlary we halkara tejribe” atly ýene bir makalada soňky ýyllarda milli we halkara jenaýat iş ýörediş hukugynda bolup geçen möhüm wakalar beýan edilýär. Bu täzelikler, esasan, jenaýaty derňemek işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, adam hukuklarynyň goraglylygynyň berkidilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Däp bolşy ýaly, žurnal «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere syn berilýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti
şeýle hem okaň: