Aşgabat bilen Baku ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
03 Aprel 2026
Aşgabat bilen Baku ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Raşad Nabiýew, Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabarow, “Azerbaýjan Demirýollary” Ýapyk Paýdarlar Jemgyýetiniň Başlygy Rowşan Rustamow, “Baku Halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda meseleleriň giň toplumyna garalyp geçildi. Olaryň hatarynda: iki ýurduň arasyndaky bar bolan ulag geçelgeleri ösdürmek; iki ýurduň deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we portlaryň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak hem-de ýük geçirijiligini artdyrmak; üstaşyr geçelgeleri boýunça taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek; iki ýurduň arasyndaky söwdany we haryt dolanşygyny ýokarlandyrmak we öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, bu babatda Hazar deňziniň mümkinçiligini doly ulanmak. Mundan başga-da duşuşyklarda şu ýylda geçiriljek Türkmen-Azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine deslapdan taýýarlyk görmek; iki ýurduň Işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we täze ugurlaryny ýola goýmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi