Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Awstriýa sapar bilen bardy
09 Aprel 2026
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Awstriýa sapar bilen bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji aprelde Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Awstriýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dostlugyň berk binýadyna, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine esaslanýan bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine täze belentliklere ýetmäge gönükdirilendir.