Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda boş iş orunlaryny hödürlemek çäresi geçirildi
09 Aprel 2026
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda boş iş orunlaryny hödürlemek çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda 8-nji aprelde talyplaryň, döwlet edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda boş iş orunlaryny hödürlemek çäresi geçirildi.

Çäräniň çäginde iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň, degişli edaralaryň wekilleri hem-de talyplar çykyş etdiler. Esasy üns hünär taýýarlygy, iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk hem-de ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmek mümkinçiliklerine gönükdirildi.

Çäräniň maksatnamasynda aragatnaşyk pudagynyň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olar talyplara pudagyň ösüşi boýunça häzirki zaman maglumatlaryny ýetirdiler. Hünärmenler tehnologik ösüşiň häzirki ugurlary, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de sanlylaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler, bu bolsa uçurymlarda uly gyzyklanma döretdi.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar soňky ýyl talyplarynyň taslamalary we programma üpjünçilik işläp taýýarlamalary bilen tanyşdylar. Sergi institutyň giriş zalynda guraldy.