Türkmen-koreý DIM-ara syýasy geňeşmeleri geçirildi
10 Aprel 2026
Türkmen-koreý DIM-ara syýasy geňeşmeleri geçirildi

Seulda 9-njy aprelde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, syýasy geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Yý-He Sesiliýa Çang ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar çalt depginler bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklardyr saparlaryň, şeýle-de daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Duşuşykda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şol sanda energetika, senagat gurluşygy, gämi gurluşygy, suw hojalygy, ulag we infrastruktura, şeýle hem daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk hem bar.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň hem-de Bilelikdäki türkmen-koreý işewürler geňeşiniň orny aýratyn bellenildi.

Taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar we ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de aýratyn üns berildi.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.