Seulda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy
11 Aprel 2026
Seulda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seulda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Ýi-He Sesiliýa Çangyň başlyklyk etmeginde 10-njy aprelde geçirilen mejlise gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda eden çykyşynda A.Gurbanow Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýän netijeli konsultatiw meýdança hökmünde garaýandygyny belledi. Şunda türkmen tarapynyň Seulda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitini geçirmek baradaky Koreýa Respublikasynyň başlangyjyny ilkinji bolup goldanlaryň biridigi aýratyn nygtaldy.

Jemleýji resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda türkmen tarapy olaryň ylalaşylmagyna we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işe işjeň we netijeli gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda öňde boljak sammite taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk-protokol meseleleri, şol sanda ugurdaş çäreleriň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 10-njy aprelde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon bilen geçirilen duşuşyga hem gatnaşdy.

Taraplar gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.