Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynyň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek baradaky meselelere aýratyn orun berildi. Wise-premýer Bahar Seýidowanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, sebitde ýaşaýjylaryň medeniýetli dynç almaklary üçin döwrebap şertler döredilýär we täze medeni ojaklar yzygiderli ulanmaga berilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Lebap welaýaty taryhy-medeni mirasa örän baý bolup, häzirki wagtda bu ýerde döwlet tarapyndan hasaba alnan ýadygärlikleriň 196-sy ylmy esasda öwrenilýär. Arheologik tapyndylar ýerli muzeýlerde sergilenip, halk köpçüligine ýetirilýär. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi bolsa sebitiň taryhy ähmiýetiniň halkara derejede ykrar edilýändigini subut edýär.
Welaýatyň çäginde döwlet teatry, köp sanly medeniýet öýleri, kitaphanalar we sungat mekdepleri hereket edip, olar ýaş nesle döwrebap bilim bermäge we dürli medeni hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir. Öňki ýyllarda geçirilen halkara festiwallar we Medeniýet hepdelikleri sebitiň döredijilik mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmakda möhüm orun eýeledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň hem-de ýaşlaryň arasynda milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamak we ylmy taýdan has çuňňur öwrenmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.