Lebapda ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň ösüşi 3,9 göterim artdy
11 Aprel 2026
Lebapda ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň ösüşi 3,9 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew 10-njy aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Lebap welaýaty boýunça ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,9 göterime, ýurt boýunça welaýatyň paýy 13,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe welaýat boýunça ulagyň ähli görnüşleriniň ýolagçy dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,6 göterime, ýurt boýunça welaýatyň paýy 14,4 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça Lebap welaýatynda simli we öýjükli aragatnaşyk belgilerini ulgama birikdirmek, ulanyjylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, hereket edýän aragatnaşyk desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrliginde Lebap welaýatynyň ýük dolanyşygy babatda ýurt boýunça paýy 14,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýolagçy dolanyşygy boýunça 4,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzilleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýolagçy awtomenziliniň işini talabalaýyk alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere demir ýollaryň durkuny täzelemek we kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.