Söwda-senagat edarasynda 16-njy aprelde «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmak, tebigy gazyň eksport edilýän ugurlaryny köpeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda ýangyç-energetika ulgamy esasy ugur hökmünde çykyş edýär. Diýarymyzda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň özleşdirilmegi esasynda bu gaz geçirijiniň goşmaça ugurlarynyň gurulmagy bilelikde durmuşa geçirilýän energetika taslamalarynyň geljekde-de durnukly ösüşiň we sebitiň ykdysady durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigini tassyklaýar.
Soňra Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi. Ol bu maslahatyň taryhy ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsinde strategik hyzmatdaşlygyň iň kämil we durnukly nusgasydygyny aýratyn belledi. Din Sýuesýan Türkmenistanyň Hytaý üçin tebigy gazy ibermekde iň iri we ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy hem-de transmilli gaz geçirijiniň iki ýurduň ykdysady ösüşine goşýan ägirt uly goşandyny belledi.
Sözüniň ahyrynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň hytaý we türkmen halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.