Aşgabatda 16-njy aprelde «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işini tamamlady. Forum täze syýahatçylyk ugurlaryny we hyzmatlaryny görkezmek, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de pudagyň häzirki zaman gazananlaryny tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Sergisiniň we maslahatyň çäklerinde B2B görnüşinde duşuşyklar hem geçirilip, onuň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
B2B görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Belarus Respublikasynyň “Belindtravel” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Krotow Aleksandr bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Aşgabatsyýahat” kärhanasynyň başlygy Durdyýew Ýagmyrgeldiýewiň arasynda, Gyrgyz Respublikasynyň “Gyrgyz üçmen gyz” syýahatçylyk kärhanasynyň baş direktory Fişer Buteşewa Bermet, şeýle hem Hytaý Söwda senagatynyň Çehiýa we Slowakiýa boýunça wekili Wang Li bilen aýratynlykda “Bagtyýar dostlar” hususy kärhanasynyň direktory Sadykow Ruslanyň arasynda resminamalara gol çekildi.
Mundan başga-da, “Çar ýyldyz” hususy kärhanasynyň direktory Şamedowa Şirin Özbegistan Respublikasynyň “Zukhro Travel” syýahatçylyk kompaniýasynyň direktory Şeripow Umid hem-de “Fun Sun Travel” syýahatçylyk kärhanasynyň direktory Abdullaýew Bazarbaý bilen aýratynlykda resminamalary gol çekdiler.
“Hasyl Çeşmesi” hususy kärhanasynyň direktory Kiril Gorodnow “Edmiston” kompaniýasynyň direktory Paisli Martin Wilýam bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamany kabul etdiler.