«CNPC» hytaý-türkmen energetika hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýar
18 Aprel 2026
«CNPC» hytaý-türkmen energetika hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýar

«Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde gurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary derejeli dolandyryşyň, ekologiýa taýdan arassalygyň we özara bähbitliligiň nusgawy desgasyna öwrüler. Bu barada Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahatda Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň («CNPC») ýolbaşçysy Daý Houlýan mälim etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Daý Houlýan iki döwletiň Baştutanlarynyň parasatly ýolbaşçylygynda «CNPC» korporasiýasynyň hytaý-türkmen energetika hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak, şeýlelikde, Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbalynyň bileleşigini kemala getirmäge saldamly goşant goşmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyna ynandyrdy.

«Biz «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny öňe sürmekde ýokary standartlar, berk talaplar we yzygiderli kämilleşmek konsepsiýasyna eýerýäris. Biz öňdebaryjy tehnologiýaly, birinji derejeli dolandyryşly, ekologiýa taýdan arassa we özara bähbitli nusgawy desgany döredýäris. Şonuň bilen birlikde, energiýanyň täze çeşmeleri, nebiti gaýtadan işlemek we nebit-himiýa, inženerçilik hyzmatlary ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri işjeň öwreniler, nebit-gaz gözleg-barlag we çykaryş işlerinde, «ýaşyl» pes uglerodly ösüşde esasy tehnologiýalaryň çalşygy güýçlendiriler. Gaz pudagynyň ähli önümçilik zynjyryna emeli aň we uly maglumatlar (Big Data) ýaly öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, hyzmatdaşlygymyzyň hiliniň ýokarlanmagyna we döwrebaplaşmagyna ýardam berler» diýip, «CNPC»-niň ýolbaşçysy belledi.