20-21-nji aprelde Samarkant şäherinde «Jemgyýetiň saglygy we howpsuzlygy ugrunda transmilli neşe howplaryna garşy göreşmek» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary Owezgeldi Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bu halkara çäre Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Neşe serişdelerine we ot açýan ýaraglara gözegçilik etmek boýunça agentligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy.
Forumyň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy boýunça häzirki ählumumy we sebit ýagdaýlary, ýaşlaryň arasynda öňüni alyş çäreleriň, bejeriş we jemgyýete gaýtadan uýgunlaşdyrmak ulgamlarynyň ösüşi, neşe howplaryna garşy göreşde sanly tehnologiýalar we emeli aň esasynda çözgütleriň ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi.