Türkmenistanyň Prezidenti Astanada guralan «RES 2026 EXPO» halkara sergisi bilen tanyşdy
23 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada guralan «RES 2026 EXPO» halkara sergisi bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerine — “EXPO” halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň, maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Sergi bölüminiň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna möhüm orun berlipdir. Şunuň bilen bir hatarda, diwarlyklarda ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda gazananlary giňden ýaýbaňlandyrylyp, munuň özi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek we tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgelerine ygrarlydygyny subut edýär.