Türkmenistan ekologiýa wehimlerine garşy toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürýär
23 Aprel 2026
Türkmenistan ekologiýa wehimlerine garşy toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Merkezi Aziýanyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etjek strategik başlangyçlar bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz sebitde howanyň üýtgemegine garşy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bu ugurda ädilýän iň uly ädimleriň biri hökmünde ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işe başlajakdygy mälim edildi. Bu merkez Türkmenistanyň halkara ekologiýa başlangyçlarynyň amaly netijesi bolup, tutuş sebit üçin iň döwrebap ylmy we tehnologik çözgütleriň esasy binýadyna öwrüler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aral meselesine garaýyşda toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aral meselesini çölleşme, buzluklaryň eremegi we serhetüsti suw serişdelerini netijeli dolandyrmak ýaly möhüm ekologik meselelerden aýry göz öňüne getirmek mümkin däldir.

Şeýle bitewi çemeleşme sebitiň durmuş-ykdysady ösüşini we durnuklylygyny üpjün etmekde kesgitleýji şert bolup durýar. Täze açyljak sebit merkezi bolsa bu ugurdaky milli we sebit derejesindäki tagallalary sazlaşdyrmaga hem-de daşary syýasat edaralarynyň utgaşykly işini güýçlendirmäge ýardam berer.