Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakdy
24 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde ýurdumyzyň käbir raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Agzalan hormatly at şu raýatlara dakyldy:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjowa;

hususy atşynas Ataberdi Borjakowa;

Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimowa;

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetniýazowiç Orazmyradowa;

Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepowa.

Bu raýatlara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetleri üçin dakyldy.