23-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Halkara maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.
Soňra ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady. Nygtalyşy ýaly, gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň baş sanyny artdyrmak we seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde aýratyn tapawutlanan we saldamly goşandyny goşan atşynaslara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Hormatly ada eýe bolanlar ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatymyzy ösdürmek babatda döwrebap şertleri döredýändikleri hem-de bu ugurda zähmet çekýän atşynaslara berýän ýokary bahasy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.