Rumyniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi
24 Aprel 2026
Rumyniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi

Buharest şäheriniň Agrar ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde gibrid görnüşde halkara ylmy «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahata S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem atçylyk ugry boýunça Rumyniýanyň öňdebaryjy ylmy we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygaryna bagyşlanyp geçirildi.

Çykyşlaryň dowamynda taraplar milli atçylygy ösdürmegiň ähmiýeti we atçylyk sportunda ýetilen sepgitler barada çykyş edip, şol bir wagtyň özünde bilim we ylym ulgamlarynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtadylar.

Çärä gatnaşyjylara mowzuklaýyn prezentasiýalar we wideoýazgylar görkezildi, şeýle hem türkmen bedewleriniň halkyň durmuşyndaky ornuny şöhlelendirýän sergi guraldy.