Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen diplomatik hyzmatdaşlygy giňeldýär
25 Aprel 2026
Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen diplomatik hyzmatdaşlygy giňeldýär

24-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýändigini hem-de döwletimiziň olar bilen gatnaşyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan hyzmatdaşlygyň baý tejribesini göz öňünde tutup, birnäçe teklipler beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletimiziň bu sebitiň ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini, degişlilikde, şol bir wagtda, Maldiwler Respublikasyna we Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary yzygiderli alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.