Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 24-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurdaky işleriň çäklerinde ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli, ýokary hilli ýüň ýüplügi öndürmek üçin zerur çäreler görülýär. Munuň özi içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçiligi işe girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.