Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletinde täze ilçi belledi
25 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletinde täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurduň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

B.Baýramowyň 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri BAE-de diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysydygyny ýatladýarys.