Türkmenistanda uruş weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurarlar
25 Aprel 2026
Türkmenistanda uruş weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurarlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 24-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu sene mynasybetli watandaşlarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň hem-de belent sarpanyň nyşany hökmünde tutuş ýurdumyz boýunça medeni-jemgyýetçilik çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, Aşgabat şäherinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, welaýatlardaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklerde gül goýmak, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.