Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek we pudak üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem garaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Wise-premýer Batyr Annaýew aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen bilelikde täze tehnologiýalary, emeli aňy we sanly ulgamlary özleşdirmek boýunça degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde ýokary bilimli hünärmenleriň ornunyň uludygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, halkara derejede hünär okuwlaryny guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.