Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady
27 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy aprelde watandaşlaryny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

“Merdana halkymyzyň durmuşynda ganatly bedewlerimiziň tutýan orny aýratyn ähmiýete eýedir. Gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydyr. Halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleler munuň aýdyň beýanydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtap geçdi.

“Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlaryna we atşynaslara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.