Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 1-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy.
Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär.
Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri guramak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.