Türkmenistanda birinji synp okuwçylary sowgat hökmünde kompýuter alarlar
02 Maý 2026
Türkmenistanda birinji synp okuwçylary sowgat hökmünde kompýuter alarlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 1-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky işler dowam etdirildi. Okuwçylar, talyplar halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, jemi 807 medal gazandylar. Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar utgaşdyryldy. Lukmançylykda keselleriň öňüni almak, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda işler dowam etdirildi. Şu döwürde bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 169 medal gazandylar.

Şeýle hem wise-premýer Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, hemaýat-goldawlary bilen mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat gowşurmagyň däbe öwrülendigini, hasabat döwründe bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagy üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen taýýarlanan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.