Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
05 Maý 2026
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji maýda gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Resminama ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen tassyklandy.