Türkmenistanda XV spartakiadanyň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy geçirildi
05 Maý 2026
Türkmenistanda XV spartakiadanyň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy geçirildi

Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV sport ýaryşlarynyň jemleri jemlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Netijelere göra, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda ýokary netije görkezip, Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp boldy.

Hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolsa sportuň 13 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler, şeýlelikde Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary 1-nji orny eýelemegi başardy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen sportuň 21 görnüşi boýunça garşydaşlardan saýlanmagy başaryp, 1-nji orna eýeledi.

Spartakiadanyň çäklerinde Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri sportuň 9 görnüşi boýunça bäsleşdiler we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşiklerde türgenler sportuň 8 görnüşi boýunça bäsleşip, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary 1-nji orny eýelemegi başardy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky bäsleşiklerde toparlar sportuň 9 görnüşi boýunça bäsleşip, Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp boldy.

Bäsleşiklerde ýokary netije görkezen ýygyndy toparlaryna medallar, kuboklar, hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.