Ýerewan şäherinde 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassykladylar. Ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugry boýunça duşuşyga gatnaşyjylar özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak we möçberini köpeltmek üçin bar bolan gurallary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň we hususy pudagynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döretmäge taýýarlyk bildirildi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada aýdylanda bolsa, onuň ýokary derejesi bellenildi. Halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, türkmen tarapy Ermenistanda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.