Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda watandaşlaryny we urus weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«1941 — 1945-nji ýyllarda adamzat görlüp-eşidilmedik kynçylyklar we agyr ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu gazaply uruş döwri dünýäniň ykdysady ulgamyna, ýurtlaryň medeni ösüşine, adamlaryň ykbalyna örän kyn synaglary getirdi. Aradan ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, pajygaly şol ýyllaryň hasraty tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde, milli bitewüligi we parahatçylygy dabaralandyrýan biziň halkymyzyň kalbynda hem agyr ýatlamalar hökmünde saklanyp, dünýäde parahatçylygy, dostlugy goramaga çagyrýar.
Doganlyk halklar bilen birlikde, Türkmenistanyň ilaty hem bitewi güýje öwrülip, faşizmiň garşysyna gahrymançylykly göreşde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Gerçek watandaşlarymyzyň müňlerçesi bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagy ugrunda deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň, sarsmaz watansöýüjiligiň nusgawy mekdebini döretdi», - diýip, Döwlet baştutanymyz belläp geçdi.
«Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gülläp ösmegi üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyz barada döwlet derejesinde uly alada edýäris hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrýarys. Çünki uruş ýyllarynda parahat we abadan durmuşyň hatyrasyna Watany, öý-ojagyny gorap, mertlerçe söweşip, ot içinden geçen gerçek gahrymanlarymyz, çagalygyny, ýaşlygyny ýowuz ýyllara pida eden sarpaly ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr, görelde mekdebimizdir», — diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhmedow watandaşlaryna we uruş weteranlara berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, parahatçylygy, dost-doganlygy baýdak edinýän Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.