Türkmenistan 18-nji maýda Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden bellär
09 Maý 2026
Türkmenistan 18-nji maýda Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden bellär

Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk bilen birlikde, Esasy Kanunymyz hem-de döwlet nyşanlarymyz türkmen halkynyň döwletliligini, onuň gymmatlyklaryny, maksatlaryny, wezipelerini hem-de döwlet syýasatynyň ugurlaryny şöhlelendirýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze redaksiýada kabul edilen hem-de jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň talaplaryna uýgunlaşdyrylan Esasy Kanunymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde bitewüligi, kanunyň hökmürowanlygyny we hukuk tertibini şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň baş aýratynlygy onuň adamyň tebigy we aýrylmaz hukuklaryny kepillendirmeginden ybaratdyr. Şahsyýet, onuň hukuklary we azatlyklary türkmen jemgyýeti üçin iň ýokary gymmatlyk bolup durýar.

Baýdak türkmen halky üçin Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, beýik geçmişimizi, bagtyýar şu günümizi we ýagty geljegimizi, namysymyzy hem-de mertebämizi alamatlandyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýüzünde gadymy haly nagyşlary, bäş ýyldyzly ýarymaý hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň nyşany hökmünde zeýtun şahalary ýerleşdirilen ýaşyl Tugumyz dünýäde ýurdumyzyň we edermen halkymyzyň şöhratyny dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk konsertleri we medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.