Türkmenistan Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygyny giňden belledi
11 Maý 2026
Türkmenistan Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygyny giňden belledi

Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şu mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy. Soňra çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.

Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül goýmak dabaralary geçirildi. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.