Türkmenistan we Azerbaýjan kärdeşler arkalaşyklary boýunça hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler
14 Maý 2026
Türkmenistan we Azerbaýjan kärdeşler arkalaşyklary boýunça hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa bilen Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň başlygy S.Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 12-nji maýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň işi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler zähmet hukuklaryny goramak we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana saparynyň çäklerinde, 13-nji maýda “Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahat geçirildi. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň, döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem ekologiýa we durmuş ulgamy boýunça bilermenler gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi şertlerinde «ýaşyl» iş orunlaryny döretmek, işgärleri gaýtadan taýýarlamak we durmuş taýdan goragy güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.